2026-njy ýylyň 9-13-nji fewraly aralygynda Mejlisiniň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, «Keýik okara» jemgyýetçilik guramasynyň we UNFPA-nyň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkistan welaýatynda boldy. Bu saparyň esasy maksady maşgaladaky zorluk sebäpli kyn durmuş ýagdaýyna düşen maşgalalary goramak boýunça pudakara hyzmatdaşlyk etmekde tejribesini öwrenmekden ybarat boldy.

Meseleleriň amaly tarapyna, ýagny dürli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramasynyň utgaşykly işini gurnamaga — ýagdaýlary ilkinji gezek ýüze çykarmakdan başlap, maşgaladaky zorlukdan ejir çekenleri jemgyýetçilik durmuşyna girişmegi we hukuk bozyjylaryň özüni alyp barşyny düzetmek meselelerine aýratyn üns berildi. Gazagystanyň Maşgalanyň sanly kartasyny we FSM “Social” ykjam goşundysyny düzmek we ulanyşa girizmek boýunça tejribesi uly gyzyklanma döretdi. Bu ulgamlar kömege mätäç maşgalalara hyzmatlary wagtynda bermek üçin edaralarara işleri netijeli utgaşdyrmaga we çäre görmäge ýardam edýär.