Dark
Light
13.09.2026
bedew taze THE ASHGABAT TIMES

Tutumly toýlaryň ýaraşygy

19.02.2026

Ýurdumyzda halkymyzyň ruhy ýörelgelerine, döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna laýyklykda, her bir ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. 2026-njy ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýubileýi baýram ediljek bu ýylda has uly ösüşleri gazanmak maksat edinilýär.

Bedewler halkymyzyň aýrylmaz hemrasy bolupdyr. At agynan ýerde toýuň, at kişňän ýerde rysgal-berekediň bolýandygy baradaky ynanç-ygtykatlar döräpdir. «Asman atyna» meňzedilýän, ruhy ganata deňelýän, ýyndamlykda, gözellikde taý tapylmadyk bedewlerimiz halkymyzyň milli guwanjyna we buýsanjyna öwrüldi. Behişdi bedewleri seýislemek sungaty gadymy döwürlerden şu günlere çenli saklanyp galypdyr we kämillik derejesine ýetirilipdir. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplaryndan aýdyň görýäris. 

Şanly ýylymyzyň şygarynda halkymyzyň rowaçlyk, jebislik, döwletlilik ýaly ýörelgeleri, asylly däplerimiziň gymmaty we ähmiýeti, behişdi bedewleriň durmuşymyzdaky mizemez orny öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary ady rowaýata öwrülen bedewler bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň barha ösdürilmegi kalbyňda guwanç we buýsanç duýgularyny oýarýar.

Toýlaryň ýaraşygy bolan behişdi bedewlerimiz ady bilen, okgunly bady bilen türkmen ruhuny dünýä ýaýýar. Ýakynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy hem şanly ýylyň rowaç menzilleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Ganatly bedewlerimiziň şöhratyna şan goşan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýtäç ROZYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

b11f915309c7cbc4868329bc3abc5deb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

OpenAI Hindistanda täze ädim ätdi

robottehn THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dubaýdan 12 medal!

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop