Şu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy milli gymmatlyga belent sarpanyň ýene-de bir güwäsi hökmünde ulus-ilimizi buýsandyrdy. Halkymyzyň arasynda bedew atyň rysgal-döwlet, rowaçlyk getirýändigi hakdaky aýtgylar juda ýörgünli bolup, olaryň örän çuňňur manysy bar.
Ýaş nesliň bedew ata söýgüsini artdyrýan, olarda atşynaslyk sungatynyň dowamat tapmagynda uly ähmiýeti bolan nurana jümleler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň baky Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Kitabyň elimize gowuşmagy biz — mugallymlar üçin bahasyz gollanma boldy. Okuw sapaklarymyzda bu kitaba ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Gürrüňi edilýän eserde milli gymmatlyklarymyzyň waspyna-beýanyna hem uly orun berlipdir.
Döwlet Baştutanymyz kitapda: «Gadymy grek, arap, pars hem-de hytaý çeşmelerinde «Asman atlary», «Asmany argamaklar», «Behişdi bedewler» ýaly şöhratly meňzetmeler bilen mahabatlandyrylan, gadymy Parfiýa topragynda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke bedewleri deňsiz-taýsyz gözelligi hem-de ynsana ýaraşykly ýagşy häsiýetleri bilen taryhyň beýik döwletleriniň arasynda iň gymmatly diplomatik sowgat hasaplanypdyr, döwletliligiň nyşany hökmünde görlüpdir» diýmek bilen, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan beýik şöhratyndan söz açýar. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bedewleriň parahatçylygyň ilçileri, ynanyşmagyň nyşany bolandygy olara bolan sarpany has hem artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri hem ýaş nesilde bedewlere bolan egsilmez söýgini döredýär. Bu bolsa nesilleriň ruhy baglanyşygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şu günler ýurdumyzyň çar künjünde bedew atlarymyz bilen bagly, ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreler barha giň gerim alýar.
Halkymyz «At agynan ýerde toý bolar» diýýär. Behişdi bedewleri dünýä beren nurana Diýarymyz — toý-baýramlaryň mekany. Bedew ýylynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýram ediler. Ganatly bedewlerimiziň şöhratyna şan goşan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Döwran BEGLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň mugallymy.