Dark
Light
17.06.2026
photo 2 e1770901948240 THE ASHGABAT TIMES

Umumy medeni mirasymyzyň merjenleri hasaplanýan “Garabag” we “Ahalteke” atlary boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

12.02.2026

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk Akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew bilen duşuşdy.

photo 3 THE ASHGABAT TIMES

Duşuşykda Gündogaryň seýrek merjenleriniň biri bolan “Garabag” we “Ahalteke” atlarynyň iki halkyň taryhy we medeni mirasynda aýratyn orun tutýandygy nygtaldy. “Garabag” we “Ahalteke” atlarynyň bir gadymy köklerden gelip çykandygy, taryhyň we medeniýetiň emele getiren umumy mirasyny özünde jemleýändigi bellenildi. Iki ýurtda hem milli maddy mirasyň we taryhy ýatlamanyň möhüm nyşanydyr, Azerbaýjanda we Türkmenistanda ata hormat goýmak türki medeniýetiniň we milli däp-dessurlaryň nyşanydyr. Bu seýrek tohumlar sport ýaryşlarynda hem, maddy mirasy we taryhy ýadygärligi gorap saklamakda aýratyn orun eýeleýär.

Şeýle hem, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň degişli protokolynda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutulýandygy we bu ugurda amaly ädimler ätmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şu jähetden, ýurtlarymyzyň arasynda atçylyk sportunyň, däp bolan at oýunlarynyň, hünärmenleriň arasynda tejribe alyş-çalşygynyň, şeýle hem  “Garabag” we “Ahalteke” atlarynyň genofonduny gorap saklamagyň ähmiýeti bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, atçylyk ulgamynda ýaşlar we talyplar üçin okuw we tejribelik maksatnamalaryny guramak, ylmy we bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Pygy Baýramdurdyýewyň Azerbaýjana saparynyň çarçuwasynda Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” at toparynyň 2026-njy ýylda Azerbaýjanda görkezilişini guramak barada gazanylan ylalaşyk kanagatlanmak bilen bellenildi. Şol çykyşyň dowamynda “Ahalteke” we “Garabag” atlarynyň bilelikdäki görkeziliş maksatnamasynyň guralmagynyň hyzmatdaşlyga goşmaça goşant goşjakdygy aýdyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda iki ýurduň arasynda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň, bu ugurda memoranduma gol çekmegiň we ÝUNESKO we beýleki halkara platformalarynda atçylyk ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň uly ähmiýeti nygtaldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

32422222 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

zq2rlbsj6jxgw76skyyqkddu5shxpp 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop