Dark
Light
12.08.2026
ykdysady halk new 25 THE ASHGABAT TIMES

Watanymyzyň üstünlikleri – halkymyzyň bagtyýarlygy

25.02.2026

Ministrler Kabinetiniň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde geçen ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak boýunça Karara gol çekmegi eziz Diýarymyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek babatda ýadawsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Täze maksatnama «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmegi, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmagy, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy dowam etdirmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy nazarlaýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek, täze kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen ýurt boýunça 5 müň 300-e golaý täze iş orunlaryny döretmek maksat edinilýär.

Bu Maksatnamada bellenen her bir görkeziji adam hakdaky aladanyň beýanydyr. Çünki biziň ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy, göwnejaý dynç almagy döwlet derejesinde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şoňa görä-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şol sanda paýtagtymyz Aşgabadyň «Parahat — 7» toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýy hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýleri, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýy, şeýle-de paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkez gurlup ulanmaga berler.

Görnüşi ýaly, şu ýyl üçin kabul edilen Maksatnama örän köp işleri öz içine alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Onuň esasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyryljak giň gerimli özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan täze basgançaga göterer.

Süleýman GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kompoz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen kinosynyň halkara üstünligi

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Başlangyç synplarda bilim-terbiýäni ösdürmegiň usulyýet esaslary

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop