Dark
Light
05.10.2026
yaslar taz kollaz 25 THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar – röwşen geljegiň binýady

20.02.2026

Täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere örän ýokary ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi ýaşlaryň ýurdumyzyň egsilmez kuwwatydygyny, abraý-mertebesidigini, nurana geljegidigini aýdyň görkezýär.

Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan kämil durmuş ýörelgelerini, zähmetsöýerligini ykbalynyň bezegine öwren bilimli, ylymly, hünärli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň naýbaşy ugurlarynyň biridir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem şeýle buýsançly hakykaty tassyklaýan wakalara baý boldy. Elbetde, ol taryhy pursatlaryň diňe käbirine nazar aýlamagyň özi hem ýaşlara bildirilýän beýik ynama, olaryň geljegi babatda edilýän ählumumy tagallalara doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şeýle taryhy wakalaryň biridir. Onuň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumy dünýäde ýaşlara bildirilýän uly ynamy nobatdaky gezek tassyklady. Şol bir wagtda hem döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini tapmakda ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerine, bilelikdäki tagallalaryna ýokary baha berilýändigini aýdyň görkezdi.

Eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanmagy bizi has-da buýsandyrýar. Şu jähetden, geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bilimde we sportda tapawutlanan ýaşlaryň sylaglanylmagy döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasynyň berk binýatlydygyny aýdyň görkezdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Beýik tutumlary, taryhy wakalary bilen şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaş nesliň nurana geljeginiň binýadyny berkiden şunuň ýaly döwletli tutumlar barmak büküp sanardan örän köpdür. Biz — ýaşlaryň buýsanjyny goşalandyrýan hakykat bolsa şol döwletli tutumlaryň 2026-njy ýylda gazanyljak üstünlikleriň, ýetiljek belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýanlygydyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ekologiya 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ekologik howpsuzlyk we tokaýlaryň goragy

19022026 pr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop