Dark
Light
18.07.2026
germaniya forum THE ASHGABAT TIMES

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa – Merkezi Aziýa forumy guraldy

26.02.2026

2026-njy ýylyň 23-25-nji fewraly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa – Merkezi Aziýa forumy geçirildi. Forumyň çäreleri Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasynda alnyp baryldy.

23-nji fewralda Germaniýanyň Ylmy barlaglar, tehnologiýalar we kosmonawtika federal ministrliginiň döwlet sekretary Markus Plaýeriň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň GFR-däki Ilçileriniň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen Z5+1 formatynyň çäklerinde ylym, barlaglar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Bilelikdäki beýannama gol çekildi. Türkmenistanyň adyndan resminama Türkmenistanyň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow gol çekdi.

Forumyň açylyş dabarasyna Germaniýanyň degişli edaralarynyň, ylmy guramalarynyň we uniwersitetleriniň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, akademiki elýeterlilik, ýaş alymlary goldamak we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

badminton THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Badminton boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi

yb bank THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop