Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler, şol sanda açylyp ulanmaga beriljek binalardyr desgalar barada hem aýdyldy. Olaryň hatarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň hem bolmagy guwandyryjydyr.
Şu ýyl açyljak bu toplumda häzirki wagtda ýokary okuw mekdebiniň täze binalaryny ulanmaga doly taýýar etmek ugrunda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak babatdaky işler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti tarapyndan yzygiderli ýerine ýetirilip gelinýär.
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda gurluşygyna badalga berlen institutyň täze binalar toplumynyň gurluşygyny şu ýylyň sentýabr aýyna çenli tamamlamak maksat edinilýär. Tutýan meýdany 26 gektar çemesi bolan bu döwrebap desgada alnyp barylýan depginli işler bu maksada üstünlikli ýetiljekdigine ynamy artdyrýar. Binagärlik sungatynyň döwrebap we milli nusgalarynyň özara sazlaşygy esasynda gurulýan ymaratlar toplumynda talyplaryň häzirki zaman ylmynyň çuňluklaryna aralaşmaklary, medeniýetli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de täze okuw ýylyna ajaýyp sowgat bolar.
Abadangözel HALYMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 110-njy toparynyň talyby.