Dark
Light
14.03.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Ýyllarmyzda bedew bady, şygarymyz Watan şany

25.02.2026

Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar halkymyzyň ykbalyny özgerdip, ýurdumyzyň şöhratyny dünýä ýaýýar.  Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlanýan eýýamynda 2026-njy ýylymyzyň hem ajaýyp şygary göwünlere ganat berdi. Geçen ýylyň 26-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy ýylyň şygary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi.

Bu şygar «At ― myrat» diýen paýhasly jümlä eýeren ata-babalarymyzyň paýhasyndan, Gahryman Arkadagymyzyň bedew atalara goýýan aýratyn sarpasyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleri belentliklere tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksatlaryndan gözbaş alýar. Şonuň üçin hem halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň taýýarlan Kararyna laýyklykda bu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy her bir türkmen raýatyny buýsandyrýar. Çünki türkmen halky geçmişde hem, häzirki wagtda-da bedew atlaryna aýratyn sarpa goýýar. Türkmen bedewleri toý-baýramlaryň gelşigi hasaplanýar. Türkmenistanyň at-abraýynyň, milli mertebesiniň bedew atlar bilen baglydygyny älem-jahan bilýär.

Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda keşbi ýerleşdirilen türkmen bedewi halkyň milli buýsanjy hasaplanýar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz öz ajaýyp kitaplarynda bedew atlarymyzyň waspyny belentden ýetirip, onuň tebigy gözelligini, ylahy aýratynlyklaryny ylmy-çeper beýan edýär. Ýeri gelende bellesek, ýylyň şygarynda esasy mazmuny düzýän türkmen bedewlerine sarpaly sözlerden hem görnüşi ýaly, asman atlaryna deňelýän bedewler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň müdimilik guwanjyna öwrüldi.

Elbetde, geçen taryhy ýyllarda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna girizilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara festiwallarda ýeňiş gazanmagy, bedew atlarymyzyň giň aýlawlarda ýyndamlyk bilen menzil geçmegi, halkymyzyň geçmişinde hemişelik yz galdyrmagy türkmen topragynyň dünýädäki abraýyna abraý goşdy. Şonuň üçin hem asman atlary, ýigitleriň uçar ganaty, behişdi bedewler diýlende Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýadyňa düşýär. 

Häzirki wagtda ýylyň şygaryndan ugur alyp dabaraly çärelere badalga berildi. Mary şäherinde hem şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşlerini wagyz edýän dürli medeni-köpçülik, jemgyýetçilik çäreleri işjeň geçiriler. Biz ― bilim ulgamynyň wekilleri bolup, şeýle wakalara seslenmekde, wagyz etmekde we ýaş nesilleri döwrüň ruhuna mynasyp ýetişdirmekde bu ýylda hem işlerimiziň depginini has-da artdyrmaga çalşarys.  Garaşsyz Diýarymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny şöhratlandyryp, beýik maksatlary rowaçlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Resul BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy, Mary şäher halk maslahatynyň başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zgahkc4mmkiajw6y4pdtmtpulfbgn7 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

kompoz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen kinosynyň halkara üstünligi

Soňkylar Makalalar

Sanly Ulgam-Döwrebap Ösüşiň Şerti

13.03.2026
XXI asyrda ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşiniň esasy şertleriniň biri sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagydyr. Sanly tehnologiýalar diňe bir işleriň netijeliligini artdyrman, eýsem döwrebap jemgyýetiň gurluşyny

Emeli aň – XXI asyryň trendi

13.03.2026
Emeli aň, adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, enjamlaryň (ýa-da kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan

Halkymyzyň uçar ganaty

13.03.2026
Ahalteke bedewlerimiz — halkymyzyň uçar ganaty, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany, ata-babalarymyzyň janly mirasydyr. Şoňa görä-de, parahatsöýüji Watanymyzyň ösüş ýolunyň «bedew batly ösüşler» diýlip beýan edilmeginde uly

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýärler. Milletler Bileleşigi ýaşlaryň

Akustiki şikesden goranmak

12.03.2026
Lukmançylykda «akustiki şikes» diýlip atlandyrylýan näsazlyk içki gulagyň güýçli galmagalyň täsiri astynda zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Onuň 2 görnüşi bardyr. Ýiti akustiki şikes ses tolkunynyň
GitTop