Dark
Light
18.07.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Ýylyň şygary – göwünleriň çyragy

21.02.2026

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ajaýyp şygary ähli ugurlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim-terbiýeçilik düzümlerinde hem şanly ýylyň şygaryndan ugur alyp, usulyýet-guramaçylyk ugurly çäreler işjeň dowam edýär.

Çagalary türkmeniň iň asylly ýörelgelerine mahsus häsiýetde terbiýelemekde, ilhalar, watançy, zähmetsöýer, bilimli edip ýetişdirmekde bakja-baglaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralary pedagogikanyň usuly talaplaryna laýyklykda guramaçylykly iş alyp barmak bilen aň we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge goşant goşýar. Şunda döwrüň täsiriniň uly orna eýe bolşy ýaly, ýylyň wakalarynyň, ýylyň her bir pursatynyň hem täsiri uludyr. Bu ýylda bolsa öz şygaryna mahsus ösüşler, watançylyk joşguny ähli ýerleri gurşap aldy. Şol sanda biz hem bakja-bagymyzda ähli toparlarda bilim işgärleri we çagalar bolup, ýylyň täze üstünliklerine sary gadam basýarys.

Mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemek işinde döwrümiziň ösüşlerinden ugur alynýar. Çünki ýaş nesilleri milli ruhda döwrebap ösdürip ýetişdirmekde döwrüň täzelikleri öňde möhüm wezipeleri goýýar. Biz ― terbiýeçiler körpeleriň duýgularyny ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, göwnaçma çäreleri we gezelençleri guramak we beýleki gün pusatlarynda asuda ýurdumyza buýsanç döredýäris. Olar zähmet işi, syn etmek, oýun oýnamak, bäsleşmek, çykyş etmek arkaly erkana durmuşyň, bagtyýar çagalygyň lezzetini duýýarlar.

Terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, körpeleriň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak babatda öňde goýlan maksatlaryň myradyna ýetmegi üçin zehinlerimizi, ukyp-başarnyklarymyzy we tejribelerimizi mundan beýläk-de artdyrmaga taýýardyrys. Çünki bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, pedagogik ussatlygyna eýe bolmakda ähli usuly çäreler netijeli geçirilýär.

Şeker ÖRÄÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 26-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga bilim dunya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nesil terbiýesinde pedagogik işleriň ähmiýeti

al arabiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop