Dark
Light
16.06.2026
bedew yyly kollazh THE ASHGABAT TIMES

Ýylyň şygary – ösüşleriň ganaty

19.02.2026

Bagta beslenýän aý-günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň taryhynda täze sahypalary açyp, ýurdumyzy ynamly gadamlar bilen belent maksatlara tarap alyp barýar. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň her tapgyry üstünliklere, şanly wakalara baý bolup, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen girýär. Her ýylyň döwrebap atlandyrylyp, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň agzybirligini, ruhy bitewüligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrüldi. 2026-njy ýylymyzyň şygary hem döwletimiziň gazanan beýik üstünlikleriniň, ösüş depginleriniň aýdyň beýanydyr.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde bedew at aýratyn orna eýedir. Ol milli baýlygyň, ösüş tizliginiň hem-de döwletimiziň okgunly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir. Berkarar döwletimiziň ösüş depgini hut şu goşa mukaddeslikden gözbaş alyp, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepiline öwrülýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk biziň döwletliligimiziň goşa ganatydyr».

Biz – türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!

Maksat AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

eokvs6hnfrlnvtkoqpuxmmjta627hp 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Kompozitor» atly film Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

oraza hyzmaty THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TMCELL «Oraza» hyzmatyny işe girizdi

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop