Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik dünýäsine ynamly gadam basmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňat miwelerini berýär. Munuň aýdyň subutnamasyny mekdep okuwçylarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşiginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ýakynda bu bäsleşigiň Darganata etrap tapgyry üstünlikli geçirilip, onda 3-nji orta mekdebiň okuwçylary ýokary netijeleri gazanmagy başardylar.
Bäsleşigiň çäklerinde matematika dersi boýunça uly gyzyklanma döreden ylmy işleriň biri hem «Pi» sany we onuň tebigatda orny» atly tema boldy. Bu ugurda mekdebiň 11-nji «A» synp okuwçysy Jemal Merdanowa özüniň çuňňur bilimi we özboluşly ylmy garaýyşlary bilen tapawutlanyp, 1-nji orny eýeledi. Ýaş zehiniň bu üstünliginde mekdebiň tejribeli matematika mugallymy, ylmy ýolbaşçy Sona Babamyradowanyň uly zähmeti we goldawy bar. Sanlaryň jadyly dünýäsini tebigat bilen utgaşdyran bu ylmy iş emin agzalary tarapyndan ýokary baha mynasyp görüldi.
Edebiýat äleminde öz ukybyny görkezen 12-nji «B» synp okuwçysy Aýnur Saparowa hem mekdebimiziň abraýyny belende göterdi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp, akyldar şahyryň syýasy-jemgyýetçilik pikirleriniň çeper beýany baradaky ylmy işi bilen çykyş etdi. Türkmen dili we edebiýat mugallymy Jahan Gurbanowanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan bu iş Aýnura bäsleşigiň etrap tapgyrynda 2-nji orny getirdi. Şahyryň dünýä derejesindäki mertebesini çeper sözüň üsti bilen beýan eden okuwçynyň ylmy gözlegleri geljekde uly ylmy menzillere sary ýol açýar.
Häzirki wagtda ýeňiji bolan bu zehinli okuwçylar gazanan üstünlikleri bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşigiň welaýat tapgyryna has-da uly joşgun bilen taýýarlyk görýärler. Mekdebiň mugallymlar topary tarapyndan geçirilýän goşmaça sapaklar we ylmy maslahatlar ýaşlaryň mundan beýlägem üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. Biz hem, öz gezegimizde, bilimler äleminde ganat kakýan zehinli ýaşlarymyza we olaryň döredijilikli zähmet çekýän mugallymlaryna mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýäris!
Patma ÖWEZBAÝEWA,
Darganata etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.