Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Aksoltan Toreýewna Ataýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Braziliýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Meret Baýramowiç Orazow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşadyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».