Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin tölegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi habar berdi.
Haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlaryny «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen gurnady.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar.
Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň «Wokzal» awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna ― «Ak Işan» aramgähinden paýtagta tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.
Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar +99361-49-34-95, 44-35-20 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilerler.
«THE ASHGABAT TIMES».