Lukmançylykda «akustiki şikes» diýlip atlandyrylýan näsazlyk içki gulagyň güýçli galmagalyň täsiri astynda zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.
Onuň 2 görnüşi bardyr. Ýiti akustiki şikes ses tolkunynyň ýakyn aralykdan uly güýç bilen deprek perdesine «urulmagy» netijesinde döreýär. Ýiti akustiki şikesiň ýüze çykmagy üçin ýekeje gezek gulaga ýakyn durlup gaty gygyrylmagy ýa-da güýçli ses edilip, el çarpylmagy ýeterlikdir. Dowamly akustiki şikesiň döremegine bolsa onçakly ýakyn bolmadyk aralykda ýaňlanýan sesiň, güwwüldiniň yzygiderli täsir edip durmagy sebäp bolýar.
Sesi gataldyp eşitdiriji enjamlary (gulaklyklary – nauşnikleri) yzygiderli ulanýan adamlardaky akustiki şikes hem ýiti, hem dowamly häsiýete eýe bolup bilýär. Sebäbi bu enjamyň dowamly ulanylmagy güýçli sesiň uzak wagtlap täsir etmegine getirýär. Üstesine, deprek perdesine «zarba urýan» ses tolkuny bilen gulagyň arasyndaky aralyk 1-1,5 santimetrden uzak bolmaýar.Adam gaty ýaňlanýan sazy näçe köp diňlese, onuň eşidişi şonça-da peselýär. Ol näçe erbet eşitse, sazy şonça-da gataldýar. Uly ýaşly we gartaşan adamlarda bu hadysa dolanuwsyz häsiýete eýe bolup, ahyrky netijede gulagyň bütinleý agralmagyna getirip bilýär. Ýaşlarda eşidişiň öz-özünden dikelmegine itergi berýän mehanizmler bardyr. Ýöne olaryň herekete gelmegi üçin sazy yzygiderli, arakesmesiz diňlemek endigi bilen hoşlaşmak hem-de ýörite bejeriş almak hökmany şert bolup durýar.
Sesi gataldyp eşitdiriji enjamlaryň doly ölçegli we oturtma görnüşleri tapawutlandyrylýar. Oturtma enjamlar eşidişe has köp howp salýar. Çünki bu görnüşi tebigy rezonatordan (sesi ýaňlandyryjy), ýagny gulak nowajygyndan sowa geçmek bilen gös-göni deprek perdesine «zarba urýar».
Psihologlaryň pikirine görä, sesi gataldyjy enjamlaryň uzak wagtlap arakesmesiz ulanylmagy adamyň psihologiki ýagdaýyna ýaramsyz täsir edip bilýär. Onuň ýatkeşligi, ünsüni jemlemek ukyby peselýär. Ol beýnisini sarsdyryp ýaňlanýan sazyň lezzetinden başga zady duýmaýar. Öňde duran işler, çözgüdine garaşýan meseleler barada oýlanmak islemeýär, hakyky durmuşdan daşlaşýar. Diňe lezzet alyp ýaşasy gelýär.
Sesi gataldyp eşitdiriji enjam arkaly saz diňlemegi halaýan adamlar wagtyň geçmegi bilen oňa şeýle bir endik edýärler welin, hatda şonsuz iş edip ýa-da uklap hem bilmeýärler. Olar köçeden pyýada ýöräp ýa-da ulagly barýarka daş-töwerekde bolup geçýän hadysalary görmeýärler, duýmaýarlar, adamlaryň sesini, ulaglaryň duýduryş sesini eşitmeýärler. Munuň özi käte pajygaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Çemen NOWRUZOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy