Dark
Light
16.06.2026
altyn asyr THE ASHGABAT TIMES

«Altyn asyr» ÝGPJ 5G, 4G+ kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn alar

26.03.2026

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 5G we 4G+ (şol sanda VoLTE, LTE-Advanced) öýjükli aragatnaşyk üçin kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn almak, şeýle hem «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň hereket edýän mobil ulgamynyň programma üpjünçiligini we tehniki serişdelerini döwrebaplaşdyrmak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bäsleşige laýyklykda, Aşgabat şäherinde, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda TM CELL mobil ulgamyny ösdürmek taslamasynyň çäklerinde tehnologik enjamlary bilen üpjün etmek we gurnamak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi köp hyzmatly maglumat geçiriş toruny (Internet ulgamyny) döwrebaplaşdyrmak maksady bilen aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşiklere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar ýazmaça arza tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dessan bagsy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dessançylyk sungaty – milli mirasyň çeşmesi

energiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Azerbaýjan «ýaşyl» energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop