Dark
Light
09.08.2026
rus film THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda rus kinofilmleriniň festiwaly guraldy

31.03.2026

Mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş günlerine gabat gelen medeni çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO» döwlet guramasy tarapyndan guraldy. Festiwalyň maksatnamasyna maşgala bolup görmäge niýetlenen, soňky ýyllarda surata düşürilen iň gowy filmleriň 4-si girizildi.

Medeni çäräniň çäklerinde tomaşaçylar köpçüligine täsirli filmleriň ýene-de birnäçesi görkezildi. Olaryň hatarynda Alekseý Tolstoýyň meşhur ertekisi esasynda surata düşürilen, režissýor Igor Woloşiniň şu ýyl çykan «Buratino» atly aýdym-sazly we fantastika äheňindäki filmi (dowamlylygy 102 minut), režissýor Maksim Wolkowyň geçen ýylda ekrana çykan «Doktor Dinozawrow» atly animasiýa filmi (dowamlylygy 80 minut) bar. Bu eser mekdep okuwçysy Fil Dinozawrowyň we onuň kakasy — paýhasly Doktoryň gadymy mezozoý eýýamyna (dinozawrlaryň döwri) syýahat edişi, täsirli başdangeçirmeleri barada gürrüň berýär.

Kino muşdaklary üçin taýýarlanan ýene bir täsirli eser režissýorlar Aleksandr Babaýewiň we Wasiliý Rowenskiniň geçen ýylda surata düşüren «Gnomlaryň hazynalary» atly başdangeçirmelerden doly maşgala filmidir (dowamlylygy 100 minut). Bu komediýada baş gahryman Romanyň jadyly girdenekleri miras alyp, olaryň kömegi bilen hazyna gözlegine çykyşy teswirlenýär. Mundan başga-da, rus halk ertekisiniň häzirki zaman äheňindäki görnüşi bolan, režissýor Aleksandr Amirowyň geçen ýylda çykaran «Şagyzy-gurbaga» atly filmi hem maşgala bolup görmäge niýetlenendir (dowamlylygy 90 minut). Bu filmde Walentina Lýapinanyň, Aleksandr Metýolkiniň we Nikita Kologriwynyň keşpleri janlandyrmagynda hakyky bagta gowuşmak ugrundaky göreş şu günki günüň täsin wakalary bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

matemat olimp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara matematika olimpiadasy jemlendi

merkezi aziya yurtlarynyn lide 5487e79fa0ccd0b79e5d4a4c8ced005d sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri Astanada geçiriljek AHHG-nyň mejlisine gatnaşarlar

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop