Aşgabatdaky Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdançasynda 7 ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky 250-den gowrak ýaş türgeni bir ýere jemlän «CAFA NOWRUZ – 2026» atly çagalar futbol festiwaly boldy.
Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlanan bu sport baýramy Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan bilelikde guraldy.
Sport baýramyny guraýjylar çagalary yzygiderli sport bilen meşgullanmaga çekmek we olaryň beden taýdan kämilleşmegine ýardam edýän dürli çäreleri taýýarladylar. Onuň çäklerinde ýaş futbolçylar özleriniň tehniki taýýarlygyny, ýeňşe bolan erjelligini we toparda oýnamak ukyplaryny görkezdiler.
Bäsleşikleriň ahyrynda sylaglamak çäresi geçirildi. «CAFA NOWRUZ – 2026» festiwalyna gatnaşyjylaryň ählisine guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«THE ASHGABAT TIMES».