Dark
Light
20.04.2026
gender mejlis THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda gender deňligini ilerletmek boýunça maslahat geçirildi

27.03.2026

26-njy martda Aşgabatda­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da gen­der deň­li­gi­ni iler­let­mek we onuň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça par­la­men­ta­ra dia­lo­ga ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýol­baş­çy­la­ry, ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, bir­nä­çe döw­let­le­riň we­kil­le­ri, žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar.

Mas­la­hat­da gen­der deň­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ol gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mekde äh­lu­mu­my ta­gal­la­lar ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­riň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm çä­rä öw­rül­di. 

Soň­ra mas­la­hat mej­lis­ler ar­ka­ly do­wam et­di. Dür­li ugur­la­ry öz içi­ne alan mej­lis­ler­de gen­der deň­li­gi­ni, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny iler­let­mek­de hal­ka­ra ka­nun­çy­lyk ka­da­la­ry­nyň esas­la­ry, ola­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de par­la­men­ta­ri­le­riň or­ny bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň Ilat gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge de­giş­li so­rag­lar hem üns mer­ke­zin­de bol­dy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zahmet gurama THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

yunes bilim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan wekiliýeti Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Soňkylar Habar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

16.04.2026
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.  ÝUNESKO-nyň Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de torlaýyn
GitTop