Dark
Light
16.06.2026
🇹🇲turkmenistanyn prezidenti we halk maslahatynyn baslygy agzacar sadakasyny berdiler su gun as THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Halk hakydasy» toplumynda agzaçar sadakasy berildi

14.03.2026

Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler. Agzaçar dabarasyna ýurduň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hajy Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow mübärek Oraza aýynda, aýratyn-da Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda il bolup agzaçar sadakasyny bermegiň sogap işdigini belläp, aýat-töwirleriň okalýandygyny hem-de ýagşy dilegleriň edilýändigini aýtdy. «Halkymyzyň doga-dilegleri, berýän sadakalary Allatagallanyň dergähinde kabul bolsun!» diýip, Milli Lider öz arzuwlaryny beýan etdi.

Dabarada Türkmenistanyň müftüsi hem çykyş edip, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň berýän sadakalarynyň kabul bolmagyny dileg etdi. Tebärekden soňra agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara dürli tagamlar hödürlenildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asan viza THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“ASAN Visa” portalynyň türkmen dilindäki wersiýasy işe girizildi

semeni THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze günüň we täzelenişiň toýy

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop