2026-njy ýylyň 24-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS-2026) açylyş dabarasy geçirildi. Ol Türkmenistanyň we daşary döwletleriň 9-synyň köp sanly professor-mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny Aşgabatda jemledi.
Şu gezekki olimpiadada 560-a golaý talyp takyk ylymlaryň binýatlaýyn ugry bolan matematika dersi boýunça bilimlerini we başarnyklaryny synar. Şolaryň 200-e golaýy Birleşen Arap Emirlikleri, Germaniýa, Gresiýa, Wengriýa, Eýran, Niderlandlar, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan döwletleriniň 45 sany ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlardyr. Ýurdumyzyň, şeýle hem ady agzalan ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň professor-mugallymlarynyň we hünärmenleriniň 70-den gowragy bäsleşigiň geçirilişine we netijeleriniň bahalandyrylyşyna gözegçilik eder.
Bäsleşik matematika we kompýuter tehnologiýalary ugurlaryna gönüden-göni degişli bolan A derejede hem-de inženerçilik, tehnologiýalar, ykdysadyýet we dolandyryş ýaly, matematika dersi bilen gytaklaýyn baglanyşygy bolan ugurlar boýunça B derejede, şeýle hem toparlaýyn görnüşde geçiriler.
VI Açyk halkara matematika olimpiadasynyň birinji gününde onuň ýekebara bäsleşikleri geçirildi. Onuň ýapylyş dabarasy 28-nji martda geçiriler. Şeýle hem olimpiada gatnaşyjylar üçin paýtagtymyzyň söwda, medeni-dynç alyş we beýleki gözel ýerlerine gezelençler guralar.
«THE ASHGABAT TIMES».