2026-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly sergi öz işine başlady.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu gözden geçiriliş Türkmenistanyň hususy pudagynyň nähili depginli ösýändigini we milli ykdysadyýetiň kuwwatyny aýdyň beýan edýär. Sergä milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.

Hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen telekeçiler özleriniň öndürýän önümlerini, innowasion taslamalaryny we hyzmatlaryny jemgyýetçilige tanyşdyrdylar.
Sergi bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum hem geçirilýär. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler.
«THE ASHGABAT TIMES».