Dark
Light
06.03.2026
1772573312885 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi geçiriler

04.03.2026

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergi meýdançasynda 2026-njy ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi geçiriler.

Forumy guramaçylaryň habar bermegine görä, çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Forum iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň, degişli edaralaryň hem-de işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, «Oguz Forum & Expo» kompaniýasy we Hytaýyň Daşary ýurtlarda kärhanalary ösdürmek boýunça assosiasiýasy çykyş edýär. «Nielsonsmith» kompaniýasy bolsa bu çäräniň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

Şu ýylky türkmen-hytaý işewürlik forumynyň we sergisiniň maksatnamasy sergi ekspozisiýasyny, mowzuklaýyn mejlisleri hem-de B2B (işewürleriň arasynda) we B2G (işewür bilen hökümetiň arasynda) görnüşindäki işewürlik gepleşiklerini öz içine alýar. Çärä 300-den gowrak türkmen kompaniýalarynyň we döwlet düzümleriniň, şeýle hem hytaýly hyzmatdaşlaryň wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen umumy strategiki ugruny şöhlelendirýär hem-de türkmen-hytaý dialogynyň ösüşiniň täze, kämil tapgyryna gadam basýandygyny tassyklaýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1772543220878 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň programmistleri «Central Asia Programming Championship 2026» halkara çempionatynyň finalyna çykdylar

1000001040 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi açyldy

05.03.2026
Düýn ― 4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisi açyldy. Bu sergide Döwlet çeperçilik

«Talyp gözeli – 2026» belli boldy

05.03.2026
Düýn – 4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de
GitTop