Dark
Light
16.06.2026
maya goy 26 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi

19.03.2026

18-nji martda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli serginiň çäklerinde guralan bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak, döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräniň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Forumyň işi «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hem-de döwlet goldawy — ykdysady ösüşiň girewi», «Hususy pudagyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça mümkinçilikleri we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde eýeleýän orny», «Ykdysadyýetiň hususy pudagy we infrastruktura: gurluşyk, senagat we ulag ulgamlaryna maýa goýumlar», «Sanly Türkmenistan: maýa goýum gurşawynyň kämilleşdirilmegi» atly bölümçelerde dowam etdi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda türkmen telekeçileri we daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Forum göni gatnaşyklary ýola goýmak, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň toplumyna gol çekmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

karatisty turkmenistana chempionate mira v vengrii THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Polşadan goşa medal!

emeli an merkez THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda emeli aň boýunça Milli strategiýa we Maglumat merkezi dörediler

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop