Dark
Light
21.04.2026
yrak ilci THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

09.03.2026

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary yrakly diplomaty mähirli garşy alyp, Yrak tarapynyň Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň Ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasynyň doly derejede işlemegi üçin ähli zerur goldawyň beriljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki duşuşyklaryň we Türkmenistanyň hem-de Yragyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň uly goşant goşýandygy nygtaldy. Şeýle geňeşmeleriň soňkusy 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Bagdat şäherinde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem 2009-njy ýylda Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça, aýratyn-da halkara giňişliginde, çalt depginde ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ma yas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy

bilim okuwcs THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilimli nesiller – dünýäniň geljegi

Soňkylar Habar

Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

20.04.2026
Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
GitTop