Dark
Light
06.10.2026
bedew yyly taze THE ASHGABAT TIMES

Ata Watanymyzyň bedew batly sepgitleri

20.03.2026

Biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýär. Bagta beslenýän aý-günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň taryhynda täze sahypalary açyp, ýurdumyzy ynamly gadamlar bilen belent maksatlara tarap alyp barýar. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň her tapgyry üstünliklere, şanly wakalara baý bolup, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen girýär. Her ýylyň döwrebap atlandyrylyp, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň agzybirligini, ruhy bitewüligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrüldi. 2026-njy ýylymyzyň şygary hem döwletimiziň gazanan beýik üstünlikleriniň, ösüş depginleriniň aýdyň beýanydyr. Biz bu ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny ýokary ruhubelentlikde garşy alýarys.

Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir. Berkarar döwletimiziň ösüş depgini hut şu goşa mukaddeslikden gözbaş alyp, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepiline öwrülýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk biziň döwletliligimiziň goşa ganatydyr».

Şu günler ýurdumyzyň çar künjünde bedew atlarymyz bilen bagly, ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreler barha giň gerim alýar. Behişdi bedewleri dünýä beren nurana Diýarymyz — toý-baýramlaryň mekany. Bedew ýylynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýram ediler. Toýlaryň ýaraşygy bolan behişdi bedewlerimiz ady bilen, okgunly bady bilen türkmen ruhuny dünýä ýaýýar. Ýakynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy hem şanly ýylyň rowaç menzilleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi.

Merjen MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

nowruz yayla THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nowruz nagmalary – bagtyýarlygyň beýany

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop