Dark
Light
08.09.2026
bag ekmek 24 THE ASHGABAT TIMES

Bag ekmek – halkymyzyň milli dessury

22.03.2026

Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary nesillere miras galdyrmak, ýaşlarda ekologiýa medeniýetliligini kemala getirmek üçünji müňýyllygyň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda her ýylyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy hem ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, tokaý zolaklaryny döretmekde, ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmekde, ýaş nesillerde tebigata söýgini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabynda belleýşi ýaly, «Bag ekmek halkymyzyň milli dessurydyr». Bu ýörelge häzirki wagtda döwlet derejesinde ilerledilip, ol halkymyzyň ýaşaýyş joşgunyny, geljege bolan ynamyny, rysgal-bereketliligi alamatlandyrýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabadyň, häzirki zaman binagärlik sungatynyň taýsyz merjeni bolan Arkadag şäheriniň hem-de Diýarymyzyň ähli künjekleriniň ýaşyl begrese beslenmegi, seýilgähleriň sanynyň yzygiderli artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdirler. Pederlerimiz bag ekmegi sogaply iş hasaplap, täze öý gurunjak bolsalar, ilki bilen, bag nahallaryny oturdypdyrlar. Şeýle-de halkymyzda daragtlaryň sanynyň näçe köp boldugyça, şol ojagyň rysgal-berekediniň has köpelýändigi baradaky ynanjyň bardygyny bellemek gerek. «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bagym bar, barym bar», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» diýen halk paýhasynyň dürüne öwrülen nakyllar hem şu hakykatdan gözbaş alýar.

Tebigat adamyň ýokary ahlak duýgularynyň kemala gelmeginiň gözbaşynda durýan hemişelik giňişlikdir. Adam — tebigat gatnaşygy örän uly sazlaşyk bolup, ol ynsana ähli aladalaryny bir pursatlyk unutmaga, dünýä paýhasly nazar bilen garamaga, şeýle hem «tebigat bilen sözleşmäge» mümkinçilik berýär. Şundan ugur alsak, bag nahallaryny oturdyp, tebigatyň gözelligine gözellik goşmak, fiziki taýdan taplanyp, ruhy jähetden dynç almak öz-özüňi kämilleşdirmek bilen bir hatarda, hakyky raýatlyk we adamkärçilik borjuňy berjaý etmekdir. Bu asylly iş ýaş nesillere tebigatyň tutuş adamzadyň gymmatly hazynasydygyny düşündirmäge ýardam edip, olarda daşky gurşawy gorap saklamagyň zerurdygyna bolan ynanjy terbiýeleýär, mähriban topragymyza bolan söýgini artdyrýar.

Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

232423 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bu ýeňiş 3 ýaşlyja Gülaýyma bagşlanýar

nowruz kollazh 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gelse Nowruz äleme…

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop