Bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewlerimiz täze taryhy döwrümizde toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şanyna şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn bellärliklidir. «At — myrat» halk pähiminiň bedew batly ösüşlerimiziň ajaýyp waspnamasy bolup, şu ýylymyzyň şygarynda şöhlelenmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşlerinden habar berýär.
Ýylyň ady halkyň göwnünden orun alanda, ol hakyky şygara öwrülýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen durmuşynda «bedew bady» diýen düşünje diňe bir tizlik däl, eýsem, beýik maksatlara barýan ýoluň we çuňňur ruhy gymmatlygyň nyşanydyr. Şonuň üçin hem ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan ösüşler hut bedew batly häsiýete eýe bolýar.
Bu günki günde seýislerimiziň yhlasy, çapyksuwarlarymyzyň ussatlygy netijesinde bedewlerimiz diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, çeýeligi we çydamlylygy bilen hem dünýäni haýrana goýýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bolsa bu buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy türkmen atçylyk sungatynyň dünýä derejesindäki ýene bir uly dabaralanmasy boldy.
Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar bimöçberdir. Biz munuň aýdyň mysallaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan döwletli işlerde görýäris. Toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan at çapyşyklary we gözellik bäsleşikleri bilen bir hatarda, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly bellenilmegi bu ugra goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýär. Baýramçylygyň çäginde geçirilýän halkara ylmy maslahat bolsa dünýäniň dürli künjeklerinden atşynaslary, alymlary we ussat hünärmenleri bir ýere jemläp, türkmen atçylygynyň şöhratyny äleme ýaýýar.
Şeýlelikde, biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýär. Bagta beslenýän aý-günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň taryhynda täze sahypalary açyp, ýurdumyzy ynamly gadamlar bilen belent maksatlara tarap alyp barýar. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedir.
Dürjemal GARLYÝEWA,
Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň bibliografy.