Dark
Light
16.06.2026
nowruz guni THE ASHGABAT TIMES

Baharyň buşlukçysy, köňülleriň joşguny

24.03.2026

Bahar paslynyň gelmegi bilen degre-daşymyz lälezarlyga, gül-gülzarlyga beslendi. Türkmen tebigatynyň şeýle gözel keşbe giren çagynda ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen giňden toýlanyldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.

Nowruz halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýar, ynsan kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýär, Watana, tebigata, durmuşa söýgini artdyrýar. Häzirki döwürde bu gadymy baýramyň däp-dessurlarynyň umumadamzat gymmatlygyna, parahatçylygy we agzybirligi ündeýän ýörelgä öwrülendigini buýsançly bellemelidiris. Hut şonuň üçin-de baýramçylyk mynasybetli «Nowruz ýaýlasynda» köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan gadymy türkmen obasy döredildi. Medeniýetleri özara baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň keşbi hem sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.

Ýeri gelende bellesek, parasatly pederlerimiz ýylyň rysgal-berekedini Nowruzyň düşümli gadamy — ýagyş-ýagmyryň topraga bol ýagmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar. Şoňa görä-de, baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilip, müňlerçe bag nahallarynyň oturdylýandygyny bellemek gerek. Netijede, mele topragyň berekedi artyp, al-elwan gül-gülälekler, bagy-bossanlyklar türkmen tebigatynyň görküne görk goşýar. Şeýle hem seýilgähleriň we baglaryň sany ýylsaýyn artýar, ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklarynyň meýdany giňeýär.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Arkadag şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem geçirildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ― Ahal welaýatyndaky «Nowruz ýaýlasyndan» başlap, Pendi ýaýlasyna, bahry-Hazardan gadymy Was düzlügine, joşgunly Jeýhunyň goýnuna çenli halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu bahar nagmalary ulus-ilimiziň bagtyýarlygyny, jebisligini, agzybirligini dabaralandyryp, milli däp-dessurlara ygrarlylygyň ajaýyp beýany boldy.

Merjen ATAHANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

at 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda ýazky at çapyşyklaryna badalga berildi

bedew yyly taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady – beýik maksatlaryň binýady

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop