Dark
Light
16.06.2026
caga terbiye usul THE ASHGABAT TIMES

Bakja-baglardan bilim belentliklerine

28.03.2026

Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeliligini ýokarlandyrmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda biz hem Mary şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynda zähmet çekmek bilen, okuw ýylynyň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda ähli okuw-terbiýeçiliik işlerimizi netijeli amala aşyrmaga çalyşýarys.

Bakja-bagymyzda körpeleriň  jan saglygyny goramak, irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmak, olaryň milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda gün tertibiniň ähli pursatlarynda pedagogik işleri kämilleşdirmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden, döwlet maksatnamalaryndan we halk pedagogikasynyň asylly däplerinden ugur alýarys. Bakja-bagymyzda usulyýet-guramaçylyk işleri arkaly bilim işgärleriniň hünärlerini kämilleşdirmäge üns berýäris. Terbiýeçileriň, daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň, aýdym-saz ýolbaşçylaryň we beýleki işgärleriň sazlaşykly işlemekleri, öz bilimlerini artdyrmaklary ugrunda öňdebaryjy tejribeleri öwrenýäris, halypa-şägirlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris.

Usuly otagy enjamlaşdyrmak we usulyýet gollanmalarynyň sanyny artdyrmak arkaly okuw-görkezme, paýlama esbaplarymyzy mazmunlaşdyrýarys. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alyp eklektron maglumatlary we sanly bilim serişdelerini peýdalanmaga çalyşýarys. Şeýle-de Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan ugur alyp, ýaş aýratynlykly toparlarda okuw maksatnamasy boýunça sapaklaryň utgaşdyrylan, interaktiw, oýun usullaryndan we beýleki usullardan netijeli peýdalanýarys. Çagalaryň dynç alyş günlerinde gyzyklanma çäreleri, göwnaçmalary guramakda hem biziň terbiýeçilik işgärlerimiz has işjeňlik görkezýär.

Dürli bäsleşiklere, baýramçylyk säherliklerine hem taýýarlanmakda tejribe toplamak bilen biziň körpelerimiz şäher, welaýat derejesinde geçirilýän çärelerde oňyn netije görkezýärler. Ýeri gelende bellesek, Dünýä Babaýewa, Gunça Mülkamanowa, Şemşat Garaýewa, Mamajan Muhammetklyýewa ýaly terbiýeçilerimiziň işjeňligi bizi has-da buýsandyrýar. Ajaýyp zamanamyzda şeýle işjeňlik, hünäre söýgi bilen garamak we ýaş nesilleri döwletli döwrümize mynasyp edip mekdebe taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!

Ejebaý NURYÝEWA,
Mary şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saylawlar logo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saýlawlar – demokratiýanyň belent nusgasy

bnodl2agyh1d04aiwhxeqt7may4obz 600x450 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan Aşgabatda geçirilen Işewürlik forumunda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyryýarlar

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop