Dark
Light
18.07.2026
mekdep mugallym 26 THE ASHGABAT TIMES

Başlangyç bilim berk bolmaly

02.03.2026

Ylym- bilimiň barha kämilleşýän zamanasynda hünärleri kämilleşdirmek, okuwçylara mynasyp bilim-terbiýe bermek bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli zähmet çekmek ugrundaky ajaýyp şertlerden peýdalanyp, biz hem okatmagyň usullaryny has-da kämilleşdirmäge çalyşýarys.

Ak mekdebe ýaňyja gadam basan okuwçylary sapaklara höweslendirmekde dürli usullary peýdalanýarys, olaryň okuw derslerini öwrenmäge, temalary mynasyp özleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmakda öwrediji oýunlar sapaklarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň birinji synp okuwçylaryna sowgat berýän kompýuterlerinden ruhlanyp, başlangyç synp okuwçylar döwrebap guralýan sapaklara has işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanda sanly bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy bolsa, bizi has işjeň sapaklary guramaga itergi berýär.

Biz hem sapaklarymyzda elektron serişdelerden, elektron gollanmalardan, audio we wideo ýazgylardan, media eserişdelerinden, ekran eserlerinden peýdalanyp, sapaklarymyzy ýokary hilli guramaga çemeleşýäris. Bu ugurda halkara we milli tejribeleri öwrenmek, özleşdirmek we öz usulyýetimize ornaşdyrmak, toplan tejribelerimizi paýlaşmak maksady bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan ugur alyp, iş tejribämizden usuly gollanmalary hem döredýäris. Munuň özi başlangyç bilim babatda usuly goruň üstüni ýetirmekde, özara tejribeleri alyşmakda we ýaýratmakda netijelidir.

Mekdep okuwçylarynyň döwrebap we sagdyn düşünjeli, aň we beden taýdan sagdyn ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn çäreleri, pedagogik we terbiýeçilik işleri, synpdan daşary çäreleri, ata-eneler bilen bilelikdäki işleri mundan beýläk hem netijeli gurap, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak biz ― mugallymlar üçin uly buýsanç hem-de belent derejedir.

Ejebaý HOJATOWA,
Garagum etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenanlar guni THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maşgala ojagynyň zynaty zenan

baslangyc s THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim we terbiýäniň köprüsi

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop