Dark
Light
14.03.2026
caga 26 THE ASHGABAT TIMES

Bedew bady bilen bilim belentliklerine

02.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, umumybilim beýan mekdeplerde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işleri barha döwrebaplaşdyrylýar. Biziň welaýatymyzda hem döwrüň möhüm talaplaryndan ugur alyp, hünärlerini kämilleşdirip, täze-döredijilik taslamalary taýýarlap, okuw maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda terjibelerini artdyrýan terbiýeçileriňdir mugallymlaryň sany yzygyderli artýar. Biz hem şeýle bilim işgärleriniň käbiriniň iş tejribelerinden çykyşlary, ýürek buýsançlaryny, usuly makalalaryny, maslahatlaryny we maglumatlary saýtyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.

TEBIGATA SÖÝGI TERBIÝEÇILIK IŞINDE

Laçyn ÝOLAMANOWA,
Murgap etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

― Çagany heniz ýaňyja ýörjen-ýörjen bolup başlan wagtyndan daş-töwerege, tebigata söýgi duýgusy bilen terbiýelemeli. Çaga özüniň tebigat bilen bir bitewiüdigine çagalygynyň irki döwürlerinden düşünip başlamaly, daş-töweregindäki gözellige bolan söýgi bilen terbiýelenmeli, tebigat arassalygynyň saglykdygyna düşünmeli. Ol diňe bir tebigaty söýmek, zerur wagty ondan peýdalanmak bilen çäklenmän, ony goramagy, re­jeli peýdalanmagy, aýawly saklamagy, köpeltmegi hem başarmaly. Çaga tebigat baradaky düşünjeleri bermek üçin onuň ilki bi­len maşgalada, soňra çagalar baglarynda alan terbiýesiniň orny örän uludyr. Şoňa görä-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynda Gün pursatlarynda çagalara yzygiderli tebigat baradaky düşünjeler berilýär. Şol günki howanyň ýagdaýy, paslyň aýratynlyklary, tebigatyň özboluşly häsiýetleri baradaky söhbetler gezelençlerde, bäsleşiklerde we gyzyklanma çärelerinde aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Gezelençlerde syn etmek, zähmet işi ýaly bölümler boýunça günüň I we II ýarymynda çagalar bilen gezelençler guralýar. Onda baglara, güllere, janly tebigata syn etmek guralyp, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä seredilýän görnüşler boýunça düşünjeler berilýär. Tebigatymyzyň owadanlygy, ekologiýa abadançylygy oňa goşant goşmak hakyndaky ilkinji duýgy-düşünjeler terbiýelenýär.

Bäsleşikler arkaly bolsa çagalar bilen tebigatyň, ekologiýa gözelliginiň suratyny çekmek, goşgular, çeper çykyşlar bilen wasp etmek ýaly çäreler geçirilýär. Çagalar şunda tebigatymyzy, arassa asmany, parlap dogan Güneşi, bagtyýar çagalygy, ene topragy wasp edip goşgy okasalar, çeken suratlary bilen türkmen tebigatynyň baglaryny, daglaryny, sähralaryny şekile geçirýärler.

Ýeri gelende bellesek, gyzyklanma çärelerde we göwnaçmalarda hem tebigy ugurly çäreler göz öňünde tutulýar. Onda haýwanjyklar, ösümlikler bilen bagly ekran eserlerine tomaşa etmek, şüweleňler, oýunlar göz öňünde tutulýar. Şeýle gyzyklanma çäreleriň üsti bilen hem körpe nesliň tebigat we ekologiýa babatdaky terbiýesi pugtalandyrylýar.

OÝUNLARYŇ ÇAGA ÖSÜŞINDÄKI ORNY

Ogultäç JUMAÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

― Aristotel (384-322ý. b.e.çenli) çagalary hemmetaraplaýyn terbiýelemegiň, ýagny beden, akyl we ahlak terbiýeleriň berilmeginiň tarapynda durýar. Ol ýene-de şahsyýetiň kemala gelmeginde mekdebe çenli döwri iň amatly we iň gowy döwür diýip belleýär. Bu döwürde çagalara oýun oýnatmak bilen bir hatarda olaryň akylyny hem ösdürmelidigini, çagalary 5 ýaşdan başlap, ýörite mekdep okuwyna taýýarlamalydygyny aýdýar.

XIX asyryň ikinji ýarymynda ― XX asyryň başlarynda mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýetini giň ýaýradan nemes pedagogy Fridrih Frebeldir (1782-1852). Mekdebe çenli terbiýede ol oýny terbiýelemegiň esasy serişdesi hasaplapdyr. Çaganyň beden hem-de psihiki taýdan ösmeginde beýleki çagalaryň terbiýesi we deň-duş çagalarynyň terbiýesi öz täsirini ýetiripdir. Frebel «Çagalar bagy» diýen adalgany dünýä ýüzünde ilkinji ulanan alymdyr. Frebel dürli sapaklarda görkeziji oýunlary usuly görkezmeleriň üsti bilen işläp düzüpdir. Şu nukdaýnazardan hem çagalar bakja-baglarynda oýun usullaryna aýratyn orun berilýär. Olaryň içinde öwrediji oýunlara hem uly orun degişlidir.

Didaktiki oýnawaçlar bilen geçirilýän sapaklaryň esasy maksady hem sensoriki häsiýetleri ösdürmek bolup durýar. Çagalara predmetleri dogry ulanmaklygy öwretmelidir. Çaga piramidalaryň dürli görnüşleri, dürli reňkdäki toplar, kubikler bilen oýnamaklygy öwretmelidir. Çaga ululara öýkünip, iki ýaşynyň ahyrlarynda olar ýaly çalt hem-de ýeňil hereket edýär. Bu bolsa oňa diňe bir oýun oýnanynda däl, eýsem, beýleki ýagdaýlarda hem predmetleri dogry peýdalanmaklyga ýardam edýär. Gurnama esbaplary bilen sapak geçilende, çagalar kubikleri düzmegi öwrenýärler, kerpiçleri biri-biriniň üstüne goýmagy öwrenýärler. Çagalar ilkibaşda kubikleriň hem-de kerpiçleriň kömegi bilen oturgyç, basgançak gurmagy öwrenýärler. Soňy bilen olar stol hem gurmagy öwrenýärler. Iň soňunda bolsa çagalara öýleri, haýatlary gurmagy öwredýärler.

BAKJA-BAGLARDA BAÝRAMÇYLYK

Žerena BEKNAZAROWA,
Oguzhan etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

― Ülkämize toý bolup gelen baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara Zenanlar güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, edara-kärhanalarda bolşy ýaly, bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem mynasyp bellenilýär. Bagtyýar nesillerimiziň sowat öwrenýän we tebiýelenýän ojagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem  bu baýramçlyk many-mazmunly we belent ruhly guralýar. Bu baýramçylyk günleri edaranyň zenan işgärlerine we körpeje gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgatlarynyň dabaraly gowşurylmagy bilen dabaralanyp, dürli çäreler bilen dowam edýär.

Degişli guramaçylyk meýilnamasyna laýyklykda, ähli çagalar bakja-baglary bahar gözellikleri bilen bezelip, toý meýdançasyna öwrülýär. Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde degişli tertibe görä Günüň birinji ýarymynda çaglaryň şadyýan çykyşlary, gutlaglary, labyzly goşgulary, sahnajyklary, aýdym-sazlary we joşgunly tanslary ýaýbaňlandyrylýar.  Ähli ýerine ýetirilýän çykyşlarda, bilim işgärleriniň gutlaglarynda mähriban zenanlaryň, eziz eneleriň waspy belentden ýaňlanýar. Gadyr-gymmaty, hormat-sarpasy belentde tutulýan enelerimiziň mähriban çagalary, bagtyýar perzentleri tarapyndan gutlanylmagy ýokary many-mazmunly we täsirli bolup, okuw-terbiýeçilik işiniň hil derejesini artdyrýar.

Ýeri gelende bellesek, zehinli we ukyp-başarnykly nesillerimiziň bu senä bagyşlap çeken suratlary, ýasan  şekiljikleri we owadan görnüşleri mähriban ejeler üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Ene üçin perzendiniň bilim-terbiýesinden, bagtyýarlygyndan, ýakymly ýylgyryşyndan gaýry zat ýokdur. Şonuň üçin hem eneler bilen perzentleriň arasynda duran çagalar baglarynyň terbiýeçileri, ähli bilim işgärleri asylly ýörelgelere esaslanyp alyp barýan işlerini barha ilerletýärler.

Elbetde, Halkara zenanlar güni hem nesil terbiýesinde-de uly ähmiýete eýe bolup, çagalarda enä hormat goýmak, olary söýmek, olary goramak we öz üstünlikleri bilen guwandyrmaga çalyşmak duýgusyny ösdürýär. Şu günki arassa ahlakly, edep-terbiýeli, ýiti zehinli balalarynyň bagtyna guwanyp, geljekde has arzyly ak günleri garşylamak ähli eneler üçin bagtyň  başydyr, naýbaşysydyr.

***

Terbiýeçilik işgärleriniň çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, çagalar bakja-baglarynda okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işlerini kämilleşdirmek ugrunda tejribeler artdyrylýar we toplumlaýyn amala aşyrmaga çemeleşilýär. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ähli bilim işgärleri egsilmez alkyşlaryny aýdýarlar.

Taýýarlan: Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,
Sakarçäge etrabynyň «Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, KA-nyň işjeň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

remezan ayy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Suwa düşmek orazany bozýarmy?

zenanlar f THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenan sarpasynyň nusgasy

Soňkylar Makalalar

Sanly Ulgam-Döwrebap Ösüşiň Şerti

13.03.2026
XXI asyrda ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşiniň esasy şertleriniň biri sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagydyr. Sanly tehnologiýalar diňe bir işleriň netijeliligini artdyrman, eýsem döwrebap jemgyýetiň gurluşyny

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniljek şu ýylda öňde durýan belent maksatlara ýetmek ugrunda

Emeli aň – XXI asyryň trendi

13.03.2026
Emeli aň, adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, enjamlaryň (ýa-da kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan

Halkymyzyň uçar ganaty

13.03.2026
Ahalteke bedewlerimiz — halkymyzyň uçar ganaty, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany, ata-babalarymyzyň janly mirasydyr. Şoňa görä-de, parahatsöýüji Watanymyzyň ösüş ýolunyň «bedew batly ösüşler» diýlip beýan edilmeginde uly

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýärler. Milletler Bileleşigi ýaşlaryň
GitTop