Türkmen bedewi halkymyz üçin ösüşleriň tizliginiň nyşany hasaplanýar. Şu jähetden, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz hem şanly wakalara beslenip, her bir güni şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar.
Röwşen geljege uly ynam bilen gadam basan täze, 2026-njy ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen döwletliliginiň ösüşiň täze tapgyryna çykýandygyny alamatlandyrýar. Şanly ýylymyzyň şygary halkymyzy, aýratyn hem, biz ― ýaşlary ýeneki zähmet üstünliklerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Bu ajaýyp şygaryň mazmunynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy aýdyň şöhlelenýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy türkmen atçylyk sungatynyň dünýä derejesindäki ýene bir uly dabaralanmasy boldy. Bu halkara derejeli üstünlik öňki netijeleriň üstüni ýetirmek bilen, türkmen bedewiniň dünýä medeniýetindäki ornuny has-da belende göterdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, milli atşynaslygyň baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny belent derejelere ýetirmek, bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki bedew ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň nyşany bolup, her bir türkmeniň milli mirasymyza söýgüsiniň janly ýadygärligidir. Goý, ahalteke bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!
Yslam GURBANMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.