Dark
Light
09.08.2026
belarus kompaniyalary turkmen ad92350e4633462fd6eb5956da8876f2 sm THE ASHGABAT TIMES

Belarus kompaniýalary türkmen bazaryna çykmaga taýýarlyk görýärler

28.03.2026

Belarus Respublikasynyň işewür toparynyň şu ýylyň 14–20-nji marty aralygynda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde belarus kompaniýalarynyň türkmen bazaryna çykmagy üçin görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, saparyň maksatnamasynyň çäklerinde belarus işewür toparlarynyň wekiliýeti türkmen telekeçileri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen B2B duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar göni üpjünçilik mümkinçiliklerini we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Belarus Respublikasynda öndürilýän şöhlat önümlerini türkmen bazaryna getirmek boýunça deslapky ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem türkmen miwelerini we gök önümlerini import etmek meseleleri we bank ulgamyna Belarus Respublikasynyň IT çözgütlerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Saparyň çäklerinde wekiliýet Aşgabat dokma toplumynyň alyp barýan işi bilen tanyşdy we türkmen telekeçileriniň kärhanalaryna baryp gördi. Şeýle-de Belarus Respublikasynyň işewür topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilen foruma gatnaşdy.

Mundan başga-da, belarus wekiliýeti ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurny bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi. Taraplar sebitde iş alyp barmak üçin möhüm bolan hukuk meselelerini, logistika we hasaplaşyk şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Belşina” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň habar bermegine görä, iş saparynyň dowamynda Belarus teker önümlerini türkmen bazaryna ibermek barada hem ylalaşyga gol çekildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmen bedewlerinin waspcysy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkymyzyň uçar ganaty

ozon turkmenistanda satuwlara 14b584346b330f701458811096de33f0 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ozon Türkmenistanda satuwlara başlady

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop