Dark
Light
05.10.2026
bedew yyly THE ASHGABAT TIMES

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bedew batly gadamlary

24.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyz, halkymyzyň täze taryhy eýýamdaky beýik maksatlaryna tarap okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bu şygar özünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini we halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly arzuw-niýetlerini jemleýär.

Ýylyň adynda agzalýan «bedew batly» we «at-myrat» diýen düşünjeler, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarda gazanýan üstünlikleriniň çaltlygyny hem-de şol ösüşleriň her bir ynsanyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendigi alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, bu ýyl her bir türkmenistanly üçin täze zähmet ýeňişleriniň we belent sepgitleriň ýylyna öwrülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler ýurdumyzyň her bir künjeginde özüniň oňyn netijelerini berýär. Täze gurulýan döwrebap şäherler, senagat kärhanalary, ylym-bilim ojaklary we medeniýet merkezleri Türkmenistanyň dünýäniň iň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrülendigini subut edýär. Ahalteke bedewlerimiziň batly gadamlaryna meňzedilýän bu ösüşler, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna we dünýä jemgyýetçiligi bilen dostlukly gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna giň ýol açýar.

Halkymyzyň agzybirligi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen bellenen bu şygar ýaş nesilleri täze döredijilikli gözleglere we Watana bolan söýgä ruhlandyrýar. Arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzda, ynsan mertebesi we halk bähbidi ähli zatdan ýokarda tutulýar. Ýylyň dowamynda gazanylýan her bir üstünlik geljekki beýik ýeňişleriň berk binýadydyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda öňe barýan ýurdumyz özüniň parahatçylyk we ösüş ýoly bilen bütin dünýä nusgalyk görelde görkezýär.

Gülnahal MYRATGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hytayyy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Hytaý: döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasy

sgtn THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara žurnalistikasynda «CGTN» teleýaýlymynyň orny

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop