Dark
Light
08.09.2026
bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES

Beýik ynamyň eýeleri

14.03.2026

Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Çünki bu ulgamdaky özgertmeler ýokary hünär derejeli ýaşlary ýetişdirmäge, ylmy-tehniki ösüşi höweslendirmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, onuň ählumumy bilim we ylym ulgamlaryna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, ýetýän belent sepgitlerinde ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdumyzy beýgeltjek hem-de gülletjek oglan-gyzlarymyzdyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilenkabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, saglyk merkezleri ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär.

Her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgat — «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Munuň özi interaktiw-multimedia usulynda sapaklary geçmek boýunça tejribeleriň barha kämilleşýändigine, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalarynyň has-da artýandygyna, netijede, bilimiň hiliniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem bilim ulgamynda täze üstünliklere, ýeňişlere ýetmäge hyjuwlandyrýar. Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmäge, çuňňur bilimli nesilleri ýetişdirmäge aýratyn üns berip, biz ― mugallymlara uly ynam bildirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Zarina HAMRAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanly cozgut 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Innowasion geljegiň binýady

bilim umumy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nurana geljegimiziň röwşen ýoly

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop