Dark
Light
05.10.2026
bilim ucin THE ASHGABAT TIMES

Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat

12.03.2026

Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Bilim bilen hikmet ― altyndan gymmat» diýlişi ýaly, bilim ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Olar öňdebaryjy okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilendir.

Dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki döwürde bilime we adam maýasyna goýulýan serişdeler islendik ýurduň ykdysady üstünliginiň açary bolup hyzmat edýär. Biz muňa «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap taslamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Şunda Watanymyzyň çar künjeginde 3 müň 380 orunlyk mekdepleriň, 1 müň 80 orunlyk çagalar baglarynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň dabaraly açylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalary bolar.

Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy mundan beýläk-de uly ösüşlere beslensin!

Süleýman NURYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

portugal president innaguration THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

rus dili ek THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşary ýurt dilleri işjeň öwrenilýär

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop