Dark
Light
16.06.2026
bilim okuwcs THE ASHGABAT TIMES

Bilimli nesiller – dünýäniň geljegi

10.03.2026

Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ylym-bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bilim ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap binalarda okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi we bilim ulgamyny ösdürmek baradaky konsepsiýalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bu ulgamyň hil taýdan täze basgançaga göterilmegine badalga berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze açylýan döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri iň soňky tehnologiýalar, interaktiw tagtalar hem-de barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edilip, munuň özi ýaşlaryň ylym-bilim älemine bolan höwesini artdyrýar.

Sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen, okuw işinde innowasion usullar, elektron resminama dolanyşygy we sanly platformalar giňden ulanylyp başlandy. Bu bolsa mugallymlar bilen okuwçylaryň arasyndaky gatnaşygy döwrebaplaşdyrmaga, dersleri has gyzykly we düşnükli görnüşde geçmäge mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, takyk we tebigy ylymlary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ýaşlaryň dünýä dillerini erkin öwrenmeklerine hem-de halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelemeklerine giň ýol açylýar. Türkmen talyplarynyň şu ýylyň 25 ― 28-nji ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda (BIMO ― 2026) hem-de Halkara himiýa olimpiadasynda (BIChO ― 2026) üstünlikli çykyş edip, 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç, jemi 46 medal gazanmagy milli bilim ulgamynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklaryna we halkara ylmy taslamalara gatnaşmaklaryna döwlet derejesinde goldaw berilmegi ýurdumyzyň intellektual kuwwatynyň binýadyny berkidýär. Ýaş nesilleriň zehinini açmaga, olaryň döredijilikli zähmet çekmeklerine we ýokary tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna gönükdirilen bu tutumly işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň kepilidir.

Çynar GANDYMOWA,
Baýramaly etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yrak ilci THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

1773085043964 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Eýranda ýurduň Beýik lideri saýlanyldy

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop