Dark
Light
07.10.2026
mekdep bas THE ASHGABAT TIMES

Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri

02.03.2026

Jemgyýetimiziň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, «Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimizde bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesilleri kämil bilimli we terbiýeli edip ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar.

Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde umumybilim berýän mekdeplere, hususan-da, başlangyç bilim derejesine möhüm ornuň degişlidigini bellemelidiris. Çünki bu bilim derejesiniň maksatnamalaryokuwçynyňşahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň bilim işinde şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, nazary pikirlenmegiň tärlerini ele almagyna gönükdirilendir. Şeýle-de başlangyç bilim derejesinde okuwçylara özüňe gözegçilik etmegiň iň ýönekeý endiklerini, özüňi alyp barmagyň hem-de sözleýiş medeniýetini, şahsy gigiýenanyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny öwretmek meýilleşdirilýär.

Häzirki zaman başlangyç synp mugallymynyň döwrüň ösen tehnologiýalaryndan, pedagogikanyň, psihologiýanyň we usulyýetiň gazananlaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy, olardan döredijilikli peýdalanmak arkaly okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi möhüm talap bolup durýar. Şu jähetden, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar.

Ýaş nesillerimiziň ahlakly, berk bedenli, kämil bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Zülpiýa ISLAMOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nebitgaz uniwe THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nebitgaz pudagynyň geljegi ýaş hünärmenleriň elinde

yylyn zenany 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Ýylyň zenany» bäsleşigi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop