Dark
Light
17.06.2026
qxi5joe1xky9ctgiq7xzzhbph7chae 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

05.03.2026

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň özara hormat goýmaga, ynamyň berkidilmegine we ösüşiň milli aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagyna esaslanýan adam hukuklary boýunça konstruktiw dialogyň tarapdarydygy nygtaldy.

BMG bilen 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu maksatnamada adam hukuklary meseleleri durmuş syýasatyndan we gender deňliginden başlap, kanunçylygyň hökmürowanlygyna çenli ähli taraplary öz içine alýan esasy ugur bolup durýar.

Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň hukuk goraýyş syýasatyny utgaşdyrmakda we halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde esasy platforma hökmündäki ornuny bellediler.

Türkmen tarapy BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň düzüminde halkara bilermeniň Adam hukuklary boýunça geňeşçi wezipesine bellenilendigi üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligine minnetdarlyk bildirdi. Bu çözgüdiň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki başlangyçlar we netijeli dialog üçin binýady berkitmäge gönükdirilendir.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

swkr6p7ud3tskqdq8mweyoehm6r9ki 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

ivynn5luilblv5gkh287uizkxlzq7t 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop