2026-njy ýylyň 7‑nji martda Kiýewde geçirilen “KLAN” söweş bare-knuckle (ýumuryk) agşamyny bir pursatda üýtgetdi. Arenadaky müňlerçe tomaşaçy heniz ilkinji raundyň gyzgynyna girip ýetişmänkä, türkmen söweşijisi Halymow Babageldi öz güýjüniň näderejede howplydygyny görkezdi.
Ringe çykandan bary‑ýogy 2 minut 03 sekunt soň, Babageldi garşydaşy Matheus Cruza şeýle güýçli we takyk zarba ýetirdi welin, braziliýaly söweşiji ýer bilen ýegsan bolup, duşuşyk derrew tamamlandy.
Bu pursat arenada oturanlaryň arasynda birmeňzeş reaksiýa döredi — haýran galmak, şowhun we ynanmazlyk. Kommentatorlar hem şol bada:
“Bu — gijäniň iň güýçli nokauty boldy!” diýip seslendiler.
Türkmen türgeniniň ýeňşi diňe bir tizlik bilen däl, eýsem onuň psihologiki taýýarlygy, sowukganlylygy we garşydaşynyň hereketlerini öňünden okap bilşi bilen hem aýratyn tapawutlandy.
Türkmen türgeni arenada tomaşaçylara seredip söz sözledi:
“Bu ýeniş meniň aradan çykan jigim Atageldiniň we onyň yzynda galan 3 ýaşlyja Gülaýyma bagşlaýaryn” diýdi we teleýaýlymyň kamerasyna seredip “Gülaýym jigim men seniň üçin hemme zat edern” diýip batly sesi bilen Türkmenistana öz salamyny ýollady.
Şeýle çalt ýeňiş onuň halkara arenadaky abraýyny has-da ýokarlandyrdy.
Organizatorlar bu duşuşygy “13-nji möwsümiň iň ýiti we iň ýatdan çykmajak söweşleriniň biri” diýip atlandyrdylar.
«THE ASHGABAT TIMES».