Dark
Light
08.09.2026
zenan gyz THE ASHGABAT TIMES

Çagalar baglarynyň körpeleri pul sowgatlaryny kabul etdiler

03.03.2026

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak çärelerine badalga berildi. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler baýramçylyk sowgatlaryny ilkinji bolup kabul etdiler.

Mälim bolşy ýaly, 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de olary dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakynda degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi. 

Şeýlelikde, çagalar baglaryna gatnaýan körpeler pul sowgatlaryny uly şatlyk bilen kabul etdiler. Olaryň şatlygyna ata-eneleriň hem goşulmagy bu çäräniň ähmiýetini artdyrdy. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tm ozbek THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Özbegistan hususy pudagyň arasynda göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

caga kitap 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitaply çaga – ganatly çaga

Soňkylar Habar

GitTop