Dark
Light
08.09.2026
saadd THE ASHGABAT TIMES

Çagalar – durmuşymyzyň gymmatlygy

03.03.2026

Çagalar ― bu biziň durmuşymyzyň gymmatlygy we geljegimiziň daýanjydyr. Perzent barada arzuwlaryňa ýetmek köp tagallalary talap edýär. Olaryň biri hem çaga düşünmek we öz mähriňi duýdurmakdyr. Her bir ene-atanyň çagasyna bolan söýgüsi çäksizdir. Onda näme üçin, käbir çagalar ene-atasy özüni gowy görmeýändir öýdýärler?

Ata-ene çagasyny elmydama gowy görýär, ýöne köplenç halatlarda ony çagasyna bildirmeýär. Çaganyň düşünýän dili bilen ony gowy görýändigini düşündirmeýär. Ene-atalaryň köpüsi çagasyna uly adamlaryň gözi bilen garaýar, gowy görülýändigine çaganyň düşünmegini isleýärler. Ene-atalar özleri iýmän çagalaryna iýdirmekligi, geýmän geýdirmekligi saýlap, ähli gazançlaryny çagalaryň okuwly-bilimli bolmagy üçin harçlaýarlar. Geljekde hem çagalarynyň dogry durmuş ýoluny saýlap alyp, gowy okap, bilim alyp, jemgyýete peýdaly we wepaly adam bolup ýetişmegini isleýärler.

Tanymal pedagog Osman Kurtkan Kapyjyoglu çagalaryň gowy görülýändigini bilmekleri üçin, olary gowy görýändigiňizi diňe dilde aýtmagyň ýeterlikli däldigini, bu duýgyny hereketleriňiz arkaly görkezip, olar bilen içgin gyzyklanmagyň, wagtyňy köpräk bile geçirmegiň gerekdigini aýdýar. Mysal üçin, agşam işden ýadap gelýärsiňiz. Öýde bir salym telewizora tomaşa edýänsiňiz ýa-da gazet-žurnallara göz gezdirýänsiňiz. Şol pursat kiçijik gyzyňyz ýanyňyza ylgap gelip, şol günki çeken suratyny görkezse, sizem oňa göwünli-göwünsiz seredip: «Gowy bolupdyr» diýip, başdan sowma jogap berseňiz, gyzyňyz özüniň eden işine siziň ähmiýet bermeýändigiňize düşüner. Gyzyňyzyň: «Kakam meni gowy görýär» diýip pikir etmegi üçin, oňa az hem bolsa hökman wagt sarp edip, onuň bilen gyzyklanmaly.

Netijede, ulynyň her bir sözüniň we hereketiniň ýaşlara nusga bolýandygyna biz durmuş tejribesinde duş gelýäris. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Adam ýaşy näçe bolsa-da, özüniň ýaşlygynda alan terbiýesi, görüm-göreldesi, edep-ekramy esasynda özüni kämilleşdirýär. Ýaşlygynda, hususan-da çagalyk ýyllarynda maňzyna guýlan edep zandyňa ornaýar».

Zülfiýa HEMRAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gyzlar dagda THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zenan ýylgyrsa, Zemin ýylgyrar

hamaney THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop