Dark
Light
12.08.2026
sanawac THE ASHGABAT TIMES

Çagalaryň dil baýlygyny we zehinini ösdürýän halk döredijiligi

08.03.2026

Sanawaçlar türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy we gyzykly görnüşleriniň biri bolup, olar çaganyň diliniň şowhunly we düşnükli çykmagynda, sesleri dogry äheňde aýtmagy öwrenmeginde möhüm orun tutýar. Bu kiçijik şygyr görnüşindäki düzmeler özüniň çalt aýdylýanlygy, gaýtalanýan sözleri we ritmiki gurluşy bilen tapawutlanýar.

Sanawaçlaryň esasy maksady çagalaryň ünsüni jemlemek, ýadynda saklamagy we çalt pikirlenmegi öwretmekdir. Köplenç, bäsleşik ýa-da oýun başlamazdan ozal, kimin birinji başlajakdygyny ýa-da kimiň gözegçi boljakdygyny kesgitlemek üçin ulanylýan bu kadalar çagalaryň arasyndaky adalatlylygy we tertip-düzgüni goramakda hem uly hyzmat edýär.

Sanawaçlaryň gurluşy gaty ýönekeý ýaly görünse-de, olaryň yzygiderliligi çaganyň artikulýasiýa endiklerini kämilleşdirýär. Birbada aýtmagyň kyn bolan sesleriniň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy, çaganyň diliniň öwrenişmegine we sözleri aýdyň hem-de takyk aýtmagyna kömek edýär. Köp ýaýran sanawaçlar sesiň dürli äheňde aýdylmagyny we dem alyşy sazlaşykly dolandyrmagy talap edýär. Bu bolsa çaganyň ynamlylygyny artdyryp, köpçüligiň öňünde sözlemek ukybynyň ösmegine oňyn täsir edýär.

Mundan başga-da, sanawaçlar çaganyň dünýägaraýşyny giňeltmekde we halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna bolan söýgüsini terbiýelemekde täsirli serişdedir. Olar arkaly çagalar ösümlikleriň, haýwanlaryň atlaryny we gündelik durmuşda ulanylýan esasy düşünjeleri öwrenýärler. Häzirki wagtda sanawaçlar diňe bir oýun serişdesi däl, eýsem, mekdebe çenli bilim edaralarynda we başlangyç synplarda çagalaryň dilden öwrenýän «dil mekdebi» hökmünde hem giňden ulanylýar. Bu gymmatly mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmek we olary sanawaçlar bilen gyzyklandyrmak, çagalaryň zehinini we döredijilik ukyplaryny ýokarlandyrmagyň iň ýönekeý, ýöne iň täsirli ýollarynyň biridir.

Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

esen aydogdy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesine bellenildi

azer THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop