Dark
Light
18.07.2026
1772862139669 THE ASHGABAT TIMES

CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa kabul etmek üçin resminamalary alyp başlady

07.03.2026

Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC International LTD) Türkmenistandaky şahamçasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak isleýän ýurdumyzyň raýatlaryndan resminamalaryň kabul edilýändigini mälim etdi.

Okuw alty hünär boýunça alnyp barlar: nebit-gaz inženerligi, nebit we gazy daşamak hem-de saklamak, geologiýa we kän gözleg işleri, nebit-gaz känlerini işläp taýýarlamak we işletmek, himiýa inženerligi we tehnologiýasy, şeýle hem mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizirleme.

Kabul edişlige gatnaşmaga ýaşy 25-den uly bolmadyk, okuw görkezijileri gowy bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Kabul edişlik iki tapgyrda geçiriler: matematika, himiýa we fizika boýunça synag hem-de iňlis dilinde söhbetdeşlik bolar.

Resminamalaryň kabul edilişi 2026-njy ýylyň 16–31-nji mart aralygynda iş günleri sagat 9:30-dan 17:00-a çenli CNPC-niň Aşgabatdaky şahamçasynyň edarasynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 44-51-01, +99312 44-50-65, +99312 44-54-75.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fabrika formatov1000026244 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kitap – zenan kalbynyň nury

1772862139666 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Ak Işan» aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop