Dark
Light
15.09.2026
177253136329 THE ASHGABAT TIMES

«Coca­-Cola» Gazagystanda dördünji kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär

03.03.2026

«Coca­-Cola» şu ýylyň aprel aýynda kompaniýasy Gazagystanda özüniň dördünji kärhanasynyň gurluşygyna başlar.

Taslamany amala aşyrmak üçin kompaniýa 41,9 milliard teňňe harçlar. Gurluşygy 2027-­nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýärler. Şereket ýylda 280 million litr alkogolsyz içgileri öndürmek üçin niýetlenendir.

Täze kärhananyň gurluşygy üçin Gazagystan Aktobede 25 gektar ýeri bölünip berildi. «Bu diňe maýa serişdeleriniň artdyrylmagy däl­-de, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr» diýip, welaýatyň ýolbaşçysy belleýär.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Gazagystanda kompaniýanyň üç sany önümçilik edarasy hereket edýär. Olar Almaty, Astana we Şymkent şäherlerinde ýerleşýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

toyota 2025 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy

surat ene THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ene mukaddesdir

Soňkylar Dünýä habarlary

Dünýä kartasy 500 ýyldan soň täzelenýär

10.09.2026
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) dünýä kartalarynda giňden ulanylýan Merkator proýeksiýasyndan ýüz öwürmek kararyna geldi. XVI asyrda döredilen bu kartografik usul şu güne çenli okuw
GitTop