Dark
Light
12.06.2026
rus dili ek THE ASHGABAT TIMES

Daşary ýurt dilleri işjeň öwrenilýär

12.03.2026

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesilleriň ähli babatda sazlaşykly ösüşini gazanmak, olara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak möhüm şert bolup durýar. Şol sanda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmäge hem uly üns berilýär. Biziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebimizde hem bu ugurda usuly we pedagogik talaplara laýyk gelýän okuw işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ugurda umumybilim maksatnamalaryndan hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan ugur alnyp okuwçylara dünýä dilleri mynasyp öwredilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi okuwçylaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda hem daşary ýurt dilini okatmakda ulanylýan bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Okatmagyň serişdelerini kämilleşdirmek islendik sapakda bolşy ýaly, okuwçylara daşary ýurt dilleri öwredilende hem möhümdir. Şoňa görä-de häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan çagalar baglaryndan başlap, bu ugurdaky sapaklar ýokary hil derejesinde we baý mazmunda guralýar. Şu nukdaýnazardan, rus dili  sapaklarynda sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda duýga täsir ediş serişdelerini, yşyk, ses, saz bezeglerini peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki okuwçylar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly okuwçylaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär.

Rus dili boýunça geçirýän hepdeliklerimiz, göreldeli sapaklarymyz, synpdan daşary çärelerimiz, ders bäsleşiklere taýýarlyklarymyz we beýleki guramaçylyk işlerimiz bolsa bu ugurda öwrenilenleri özleşdirmekde oňyn netijeli häsiýete eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesline bilim terbiýe bermek, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döwrebap mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Suraý GENJIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim ucin THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat

orj2q9mk1bhqg05bmafazg5vdazynf 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşygy

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop