Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde häzirki wagtda bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm halkara çäre – Britan Geňeşi (British Council) tarapyndan guralýan hyzmatdaşlyk sammiti geçirilýär. 4-8-nji mart aralygyny öz içine alýan bu sammit Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäklerinde guralýar.
Bu halkara sammite sebitiň dürli künjeginden hem-de Beýik Britaniýanyň bilermenler we mugallymlar jem boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem bar. Hususan-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we hünärmenleri bu ýokary derejeli duşuşykda işjeň gatnaşýarlar.
Sammitiň esasy maksady:
● Iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usulyýetlerini ara alyp maslahatlaşmak.
● Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak.
● Bilim edaralarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek.
Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň bu sammite gatnaşmagy, ýurdumyzyň daşary ýurt dillerini öwretmekdäki tejribesini baýlaşdyrmaga we dünýä ülňülerine laýyk gelýän täzeçil çemeleşmeleri milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga uly goşant goşýar. Sammitiň dowamynda geçirilýän seminarlar we tejribe alyşma duşuşyklary, geljekde dil öwretmek boýunça täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berer.
Bu iri halkara çäre, sebitde bilim hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Britan Geňeşiniň guramagynda geçirilýän bu sammit, diňe bir maglumatlaryň we usulyýetleriň däl, eýsem dostlukly gatnaşyklaryň hem ösmegine ýardam berýär.
Bu çäre Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlygynyň netijeli dowam edýändigini görkezýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti