Dark
Light
09.08.2026
dessan bagsy THE ASHGABAT TIMES

Dessançylyk sungaty – milli mirasyň çeşmesi

26.03.2026

Taryhyny müňýyllyklaryň jümmüşinden, ynsanperwer duýgy-düşünjelerden alyp gaýdýan halk döredijilik eserleri, dessanlar gadymy oguzlaryň ruhy we edebi-çeper mirasy hökmünde Gündogar medeniýetinde möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa…» atly kitabynda milli dessanlary, şadessanlary döretmekde, gorap saklamakda we ýaýratmakda türkmen dessançy bagşylaryň hyzmatyna ýokary baha berýär.

Bagşyçylygyň dessan ýerine ýetirijilik sungatynyň häsiýetli aýratynlygy hakda söz açylanda, ilki bilen, bagşyçylyk sungatyna mahsus bolan şadessanlaryň, halk dessanlarynyň ýerine ýetiriliş däplerine üns çekmelidiris. Halk dessanlarynyň biziň günlerimize çenli gelip ýetmeginde bagşylar bilen birlikde, olaryň aýdýan dessanlaryny ýazyp alan folklor toplaýjylaryň, edebiýatçylaryň bitiren hyzmatlary hem uludyr. “Görogly” dessançylyk däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli aýdym-saz, dessançylyk sungatymyza belent hormatyň güwäsi boldy.

Türkmen dessanlarynyň ilkinji alamatlarynyň söz sungatynyň özboluşly nusgasy hökmünde gadymy döwürde dörändigini dessanlary we dessançylygy ylmy taýdan öwrenen alymlar belleýärler. Dessanlaryň ýüze çykmagy bilen dörän dessançylyk (dessany aýtmak, ýerine ýetirmek) däbini kämilleşdirijiler bagşylar, ozanlar, rawylar, hapyzlar, zikirçiler, rowaýatçylar, ertekiçiler bolupdyr. Dessançylyk däbiniň bagşylaryň dilinde dowam etmegi edebi ýazuw çeşmeleriniň gaýtadan dikeldilmegine, olaryň nesilden-nesle geçip gelmegine hem sebäp bolupdyr.

Mälim bolşy ýaly, 26 — 28-nji martda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda Daşoguz welaýatynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwalyň geçirilmegi milli medeniýetimizi, türkmen aýdym-saz, şol sanda dessançylyk sungatyny dünýä ýaýmakda, ylmy esasda öwrenmekde oňyn ähmiýetlidir. Umu­man, bu fes­ti­wal mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň des­san­çy­lyk däp­le­ri­ni çuň­ňur öw­ren­mek­de we wa­gyz et­mek­de äh­mi­ýet­li çä­rä öw­rü­ler.

Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gazna surat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Haýyr-sahawat – ýaşaýşa dowamat

altyn asyr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Altyn asyr» ÝGPJ 5G, 4G+ kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn alar

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop