Dark
Light
08.05.2026
dor bas THE ASHGABAT TIMES

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

06.03.2026

5-nji martda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa bäsleşigiň guramaçylary we ýeňijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, baş baýraga Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa, 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor Aknur Rozyýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy Maksuda Töräýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Aýsenem Gurbanowa, 2-nji orna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy Mahym Rozyýewa, Kaka etrabyndaky Anna Garaýew adyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Gülzada Gowşudowa, 3-nji orna Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň mugallymy Maýagözel Saparmuhammedowa, «Watan» gazetiniň uly habarçysy Mahym Begliýewa, Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy Jänegül Gurbanowa mynasyp boldular. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Hormat haty we sowgatlar gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenan sungat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zenan diýmek dünýedir

tajikk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Soňkylar Habar

GitTop